Halypalyga ýetişen ussat

12 Iýul 2023
526

Welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary yzygiderli täze-täze drama eserlerini tomaşaçylara hödürläp, ruhy lezzet paýlaýar. Goýulýan oýunlaryň şowly çykmagynda teatryň sahna ussady Çary Dolyýewiň hem mynasyp paýy bar.

Çary Dolyýew 1980-nji ýylda Hojambaz etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlap, şol ýyl hem Aşgabat şäheriniň Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna okuwa girýär. Oňa bu ýerde Öwezdurdy Garaýew, Kakaly Rejebow, Salawat Abdulin ýaly halypa mugallymlar tälim berýärler. Çary bu orta hünär okuw mekdebinde okan ilkinji ýyllaryndan başlap, tejribeli mugallym Öwezdurdy Garaýewiň ýolbaşçylygynda okuw mekdebiniň döredijilik merkezinde sahnalaşdyrylýan bir görnüşli drama eserlerinde keşpleri janlandyryp başlaýar. Şeýdip sungatyň täsin dünýäsine aralaşýar.

Oral TEMIROW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar