«TALYP JOŞGUNY — 2023» döredijilik festiwalynyň jemi jemlenildi

12 Iýul 2023
636

Berkarar döwletimiziň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli işleriň durmuşa geçirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen baýlaşýar. Şeýle işleriň çäklerinde halkymyzyň milli medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny şöhratlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen degişli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet derejesinde alnyp barylýan tutumly işler halkymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesliň ata Watanymyza, şöhratly taryhymyza, milliligimize bolan buýsanjyny artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Döwletli Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär» diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda «Talyp joşguny — 2023» atly döredijilik festiwalyny yglan etdi.

Milli medeniýetimiziň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, talyp ýaşlarda halkymyzyň milliligine bolan buýsanjy kemala getirmek, ýurdumyzda alnyp barylýan işlere talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ata Watanymyzyň ýeten derejelerini wasp etmek, türkmeniň medeniýetini, aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň arasyndan dörediji zehinleri ýüze çykarmak, çeper höwesjeňleriň ukybyny ösdürmek maksady bilen guralýan bu festiwal Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ýokary ruhubelentlikde geçirildi.

Meýlis GURDOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar