“Gözellik ondur...”

12 Iýul 2023
550

Türkmen halky milli gymmatlyklara örän baý bolup, müňýyllyklaryň dowamynda has-da kämilleşip gelipdir. Olaryň arasynda ajaýyp matalaryň orny pes bolmandyr. Sungatşynaslaryň pikiriçe, miladydan öňki IV-III müňýyllyklarda Günorta Türkmenistanyň Änew, Ýassydepe we beýleki ýadygärlikleriniň diwar bezeg nusgalary matalaryň we halylaryň çeper nagyşlaryna meňzedilip ýerine ýetirilipdir. Bilermenleriň çaklamasyna görä, ilkinji matalar ýüňden dokalyp, tekiz, gülli we surat nagyşly matalaryň peýda bolmagyna ýardam edipdir.

Türkmenistanda 1500 ýyl töweregi wagt bäri ýüpekçilik bilen giňden meşgullanylyp gelinýär. Ýüpekçilik V-VI asyrlarda ösüp başlaýar. VI-VII asyrlarda Merwde ýüpek gurçugynyň tohumynyň öndürilişi has köpelýär. Pileden ýüpek alnyp, tarada köp reňkli, gymmatbahaly matalar, keteni, gyrmyzy donluklar dokalýar. Ýüpek matanyň ýüzüne boýalan ýumşak sapak bilen nagyş salnypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň ornuny birugra dokalýan nagyşlar eýeleýär. Bu täze usulyň peýda bolmagyna we bezeg görnüşleriniň has köpelmegine getirýär. Türkmenler Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen öz harytlaryny dünýä bazaryna çykarypdyr. Dokan ýüpek matalaryna dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilipdir.

Jeren ÖWEZOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar