Ussadyň ýoly

11 Iýul 2023
1003

Aramyzda ömrüni söýgüli käre bagyşlan ussat halypalar az däl. Şonuň üçin öz kärini nesillere geçirip bilýän ussatlar halkymyzyň uly hormatyndan peýdalanýar. Aýsoltan mugallym Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýigrimi ýyl töweregi zähmet çekýär. Ol ençeme ýyl bäri talyplara alypbaryjylyk, sahna dili, alypbaryjynyň sözleýiş medeniýeti we tehnikasy ýaly derslerden bilim berýär.

Aýsoltan Pälwanowa 1947-nji ýylda dünýä inýär. Lukman zenanyň we dilçi alymyň maşgalasynda kemala gelen gyzjagazyň ykbaly çagalyk ýyllaryndan başlap, türkmen teleýaýlymy bilen jebis baglanyşypdy. Ol 1962-nji ýylda şol wagt geljekki aktýor Gurban Rejepow bilen bilelikde ýaýlymda gepleşigi alyp barýar. Çagalygyndan multfilmlere, filmlere ses bermäge gatnaşýar. Mekdep okuwçysy döwründen dabaralarda çykyş edip başlaýar. Has takygy, 1964-nji ýylda alypbaryjy wezipesinde işe başlaýar. Alypbaryjylyk sungaty bilen birlikde haly dokamak, ýaka bejermek ýaly milli el hünäriniň syrlaryny öwrenýär. Ejeden ir galan özünden kiçi jigilerini durmuş ýoluna ugrukdyrmakda yhlasyny gaýgyrmaýar.

Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar