Gadymdan galan nusgalar

11 Iýul 2023
811

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň durmuşyna ýaran bolup gelen, taryhy müňýyllyklara uzaýan ýüpekçilik we dokmaçylyk dünýä ýaýylýar. Halkymyzyň durmuşynda dokmaçylykda örän uly sungatlaryň döredilendigini bellemek gerek. Halyçylykda ýüpek halylary, milli ýüpek önümleri diýseň ruhuňy göterýär. Bu sungat, göýä diýersiň, halkymyz bilen deň dörän ýalydyr. Bu sungat hakykatdan hem şeýledir. Mähriban halkymyz geçmişde dokmaçylykda uly sungat derejesine ýeten eserleri döreden bolsa, häzirki ajaýyp zamanamyzda haly dokamakda, ýüpek dokmaçylygynda diýseň üýtgeşik, ajaýyp sungat eserlerini döredýär. Aýdaly, haly dokamakda örän ajaýyp halylary we haly önümlerini, hatda ýüpek halylary hem dokaýarlar. Şular bilen birlikde, ýüpek dokmaçylygynda iň nepis ketenileri, keteni önümlerini, nagyşly tara önümlerini aýdanymyzda bolsa, göwünlerimize ýüpek ýaly gözellik çaýylýar.

Zehinli halkymyzyň durmuşynyň bir bölegi bolan ýüpek dokmaçylygy diýseň kämil senetçilik bolup, bu gün durmuş gymmatlygyna öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan öwrenilip, ýörite sanawa girizilen, dünýä halklarynyň döreden milli gymmatlyklarynyň üstüni ýetiren «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» halkymyzyň döreden milli gymmatlygydyr.

Altyn SARYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar