Şygyrlary edep-terbiýäniň gönezligi

8 Mart 2023
534

XVIII asyryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň nesillere galdyran bahasyz edebi mirasy okuw-terbiýeçilik işinde örän möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitabynda: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Şahyryň döredijiligi kalbymyzyň hiç haçan öçmejek nurudyr, şamçyragydyr. «Kim Magtymguly Pyragyny söýüp okasa, pelsepelerini amal etse, onuň durmuşy gitdigiçe gözelleşer, manydan hem abraýdan dolar» diýip, ata-babalarymyz wesýet edipdirler. Magtymguly Pyragynyň şygyr älemi terbiýe tutumynda söz üsti bilen täsir etmek usuly hem-de serişdesi bolup durýar we ynsanyň duýgularyna täsir etmek arkaly maksada ýetmegiň ýoluny salgy berýär.

Çagalara Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwretmegiň esasy maksady olara şahyryň öňe sürýän pikirlerine dogry düşünip bilmegi, onuň döredijiligine buýsanmagy hem-de geljekde ýaşaýyş-durmuşynda amal etmegi öwretmekden ybaratdyr. Mundan başga-da beýik akyldaryň türkmen topragynda dünýä inip, beýleki gündogar ýurtlarynda hem ägirt uly yz galdyrandygy barada çagalara gürrüň bermekligiň özi eýýäm Magtymguly atamyzyň döredijiligine bolan gyzyklanmany we söýgini artdyrýar.

Aýjemal RAHIMOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy.