Gözellik älemi (liriki oýlanma)

7 Mart 2023
555

Hoştap baharyň burnuňa urýan ysyny görsene! Üstüne ýagyş damjalary sepelän toprak, onuň mährem gujagyndan şineläp, özüni güjeňleýän näzijek pyntyklar, ho-ol aňyrrakda bolsa: «Men-ä sizden öň gözel tebigat bilen didarlaşdym» diýip, läle-reýhan gunçaly bägülleriň ysy başyňy sämedýär. Ah, bahar, seniň gözelligiňe, täsinligiňe aperin!

Dünýäniň iň owadan güllerine çalymdaş zenanlaryň 8-nji mart — Halkara zenanlar güni hem şu ajaýyp pasylda toýlanylýar. Şol gün mährem enelere gül çemenini gowşuryp, olary mübärekläniňde, eneleriň gyz maşgalanyň öwrenäýmeli keşdeçilik, halyçylyk sungatlaryny inçelik bilen aňyna guýşy, ol işleriň nusga bolup galmalydygy baradaky gürrüňleri göz öňüňde janlanýar. Duýgulara berlip durşuma, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, türkmen gelin-gyzlarynyň asyrlardan gözbaş alan milli keşdeçilik sungatyny synlamak höwesi döredi. Biri-birinden gözel, nusgalyk el işleri göwnümi ganatlandyrdy. Bu muzeýiň ajaýyp künjeginde ýerleşdirilen, 1971-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren kürtesi, inçeden syk örülen gülli joraby ünsümi has-da özüne çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem janly surat eseri ýaly» diýen setirleri ýadyma düşdi. Bu, hakykatdan hem, şeýle.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.