Türkmeniň pirli tamdyry

7 Mart 2023
610

Ata-babalarymyzyň gadymdan bäri milli mukaddeslikleriniň biri tamdyr — döwletliligiň nyşany hasaplanypdyr. Aslynda, çeşmeleriň beýan etmegine görä, tamdyr otparazlar döwründen gelipdir. Ýagny, «Awesta» kitabynyň bize gelip ýeten böleklerinde äpet ojak bolup, onda-da ot saklanyp, şol ojagy hem zenan maşgala ynanypdyrlar. Äpet ojagyň beýikligi adam boýundan-da belent bolup, ot öçmez ýaly daýaw ýigitler häli-şindi odun oklap durupdyrlar. Äpet ojagyň körükleri bolup, ot diläp gelen zenanlara körükden köz beripdirler. Äpet ojak tamdyra meňzeş bolup, ojak eýesi, ýagny ody saklaýan zenanyň ýüzi ýanmaz ýaly ýaşmak şekilli edilip, agzy-burny saralgy bolupdyr. Meniň bu sözlerim Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrüň manysy» atly kitabyndaky zenan maşgalanyň ýaşmagynyň otparazlar döwründen bäri bardygy hakynda aýdanlaryny ýatladýan bolsa gerek. Ýene bir zat, ilimizde «Oda gelen aýalyň otuz iki agyz sözi bar» diýen atalar sözi hem nahar, çörek bişirmek üçin ot almaga gelen zenanyň özi ýaly ot almaga gelenler bilen hal-ýagdaý soraşyp durýandygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.

Indi tamdyr hakynda aýtsak, ony gurmak üçin ýörite şykgy (toýun) gum saýlanypdyr. Sebäbi şykgy toprakdan gurlan tamdyr berk bolup, çöregiň arkasyna kesek ýokaýanda hem gyjyrdamaýar. Gum getirilenden soň, ilki tamdyr ýeri taýýarlanýar. Ýagny, gum üýşürilip, ýerden bir garyş ýaly beýiklik ýasap, üstüne suw guýup, gumy mazaly berçgileýärler. Çöken ýerlerine ýene gum döküp tekizleýärler we suw guýýarlar. Berçgilenen gum gowy gatandan soň, tamdyrlyk şykgy topraga köne saman garyp, palçyk taýýarlanýar. Palçygy ýaş oglan-gyzlar gowy depgileýärler. Tamdyr has berk bolar ýaly, ilçilikde saman bilen birlikde geçiniň çöpürini garýanlar hem bar. Palçygyň üstüni ýapyp, bir gün goýýarlar. Palçyk «demini alandan soň» onuň bir gyrasyndan ilki kerpijiň ululygynda ýasy bilekse ýasap başlaýarlar.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.