ÝAŞLARYŇ HUKUK WE AHLAK TERBIÝESINIŇ SAZLAŞYGY

3 Mart 2023
793

Halkymyzyň nesil terbiýesinde medeni mirasyň, hususan-da, halk nakyllarynyň, nusgawy edebiýatyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli däpdessurlarymyzyň wajyp orny bar.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatda ky VIII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna iberen Gutlagynda: «...Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek, ýaş nesille ri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek häzir ki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir» diýip nygtamagy ýaş nesilleriň edep-terbiýeli bolup ýetişmekleriniň ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini doly tassyklaýar.  

Daýanç ANNADUR DYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.