Şaý-sepinde aýyň jemaly

2 Mart 2023
798

Mamasy Owadan daýzanyň hem-de mähriban ejesi Dürli gelnejäniň: «Zergär boljak bolsaň, eliň hem ýüregiň arassa bolmaly. Bu senetde halallyk möhüm» diýen sargytlary bilen kesbinden kemal tapan Aýjemal zergär bolmaz ýaly däl. Sebäbi onuň altyndan ýüregi, kümüş deý päk kalby bar. Diňe şeýle owadan kalply zenan gözellikleri döredip biler. Onuň ýasan şaý-seplerine seredip, mähriň gananok. Aýjemal olara altyn däl-de, Aýyň jemalyny çaýan ýaly. Ol zergärçilik senedinde misli türkmen keşdesiniň Ogulbaýram Kulyýewasy ýaly inçeligi, nepisligi tug edinýär. Aýjemalyň elinde kümüş parçalary gaty metal däl-de, ýumşajyk mahmal ýaly. Ulanýan gurallary edil iňňe bilen oýmak ýaly ussadyna boýun bolýar. Onuň ýasan şaý-sepleri gelin-gyzlarymyzy has-da zyba görkezýär. Ol Agaýunus perä, Daýa Hatyna, Harmandälä, Saýat hana, Tumar şa, hatda ertekidäki Akpamyjagymyza çenli şaý-sep baryny ýasady. Onda-da nä şaý-sepler! Onuň «Monjugatdy» eserini synlap: «Diňe birje monjuk ýetenok, olam göz monjugy» diýip pikir edýärsiň. Şonuň üçinem zandy zehinli, ussat zergär Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň mugallymy Aýjemal Çaryýewa bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi size ýetirýäris.

— Aýjemal, Magtymguly Pyragynyň: «Meňli gyzyň ýüzügine // Gaşlar goýsam kümüş bilen» diýen setirleri bar. Sen haýsy zenan üçin şeýle diýip bilerdiň?

Gülnabat BEGENJOWA,
«Edebiýat we sungat».