Tazy — halk seçgiçiliginiň ajaýyp nusgasy

2 Mart 2023
880

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Ýer ýüzünde ýaşaýan şu haýwanlaryň gelip çykyş taryhy diňe türkmen halky bilen baglanyşyklydyr hem-de olar diňe şu mekanda, şu topragyň üstünde ösüp-örňäpdir, şu halkyň ady bilen äleme äşgärdir. Olar ahalteke bedewi, ýomut aty, türkmeniň arwana düýesi, türkmen tazysy, türkmen saryja goýny hem-de türkmen alabaýy hasaplanýar» diýip nygtaýar.

Türkmenistanyň çäginde tazylaryň ulanylmagy bilen bagly arheologik maglumatlar irki döwürlere degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Pessejikdepäniň diwar bezeglerinde şekillendirilen aw manzarasynda tazynyň keşbini mesaňa synlap bolýar. Şeýle gyzykly maglumatlar Altyndepeden we Dehistandan ýüze çykarylan arheologik tapyndylarda hem duş gelýär. Alymlar türkmen tazysynyň döreýşini alabaý itler bilen baglanyşdyrýarlar.

Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.