Görelde mekdebiniň gönezligi

1 Mart 2023
793

Türkmen zenanlary el hünärleri bilen dünýä meşhurdyrlar. Olaryň çeper ellerinden dörän ajaýyp halylar, keşdeler, el işleri görenleri haýrana goýýar. Her bir zenan öý-ojagynyň bikesi we göreldäniň, terbiýäniň mekdebidir. Şol sebäpden zenan gözelligi, ilki bilen, onuň edebidir, hünäridir.

Öý-ojaklaryň ýaraşygy bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirýärler. Durmuşymyzyň bezegi hasaplanylýan zenanlarymyza nesil terbiýesiniň hem agramly bölegi düşýär. Bu jogapkärçilikli işde mugallym zenanlaryň paýy has-da uludyr. Şeýle mugallymlaryň biri — Saýat etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň mugallymy Aýjemal Haýtgulyýewa hem ýaş nesle diňe bilim-terbiýe bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlara hünär öwretmegiň ussady hasaplanylýar. Mekdebiň gyzlary Aýjemal mugallyma öz ejesi ýaly höwrügipdirler.

Maral AGAMYRADOWA.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.