Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

1 Mart 2023
526

Edebiýatda şahyryň çeper keşbi

2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden bellemäge uly taýýarlyk görülýär. Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebiýatda çeper keşbini döretmek geçen asyryň 40-njy ýyllaryndan başlanypdyr. Muňa türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmez yz galdyran, halkyň çuňňur söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasyny mysal getirmek bolar. Bu eserde türkmen halkynyň Magtymgula, onuň ajaýyp eserlerine bolan belent sarpasy, teşneligi, hat-sowatdan başy çykmaýan, sada oba ýaşulusy Welmyrat aganyň Magtymgulynyň goşgular kitabyny bar baýlygy bolan guba düýesine çalyşmagy, eden söwdasyndan onuň juda hoşaldygy ussatlyk bilen beýan edilýär. Welmyrat aganyň: “Bu kitabyň her sözi bir düýä degýändir” diýmegi, diňe bir onuň däl-de, tutuş halkyň sözi bolup ýaňlanýar.