Magtymguly, sözle herne bileniň

2 Fewral 2023
857

Magtymguly Pyragynyň belent şahsyýeti, dana döredijiligi diňe bir Ýakyn hem Orta Gündogaryň gadymy halklaryndan biri bolan şahandaz türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň köpasyrlyk taryhynda däl-de, bütin Gündogaryň edebiýatynda  hem  örän uly ähmiýete eýedir.

Magtymgulynyň dana döredijiligi biziň halkymyzyň şahyrana-filosofik pikirleriniň ajaýyp gymmatlygydyr. Akyldar şahyryň watançylyk temadaky goşgulary häzirki döwürde hem ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Pyragynyň watançylyk, agzybirlik, dostluk, gahrymançylyk, birleşmek hakyndaky goşgulary edebi-çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup, halkyň kalbynda mydamalyk  orun alypdyr. Şahyryň  «Türkmeniň», «Türkmen binasy»,  «Ýeli Gürgeniň», «Başy gerekdir» ýaly birnäçe goşgulary bütin türkmen halkyny agzybirlige, Watany söýmäge, dost-doganlyga çagyrýar:

Gülälek MERETMYRADOWA,
«Adalat».