Fotosuratçylaryň hem-de suratkeşleriň bäsleşigi

30 Ýanwar 2023
717

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar, gurýar we döredýär. Taryh üçin uzak bolmadyk Garaşsyzlyk ýyllarynda asyrlara barabar işler amala aşyrylyp, ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär.

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ösüş-özgerişleri, milli ykdysadyýetimiziň galkynyşyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýaşlaryň göreldeli zähmetini açyp görkezýän ýokary hilli surat eserleriniň döredilmegini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň hem-de «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň karary esasynda fotosuratçylaryň hem-de suratkeşleriň arasynda «Suratlarda bagtyýar ýaşlar» atly bäsleşik yglan edildi.