Milli oýunlar we nesil terbiýesi

27 Ýanwar 2023
624

Türkmen halky öz taryhy ösüşinde ýaş nesle terbiýe bermegiň dürli tärlerini esaslandyrypdyr. Biziň günlerimize gelip ýeten şeýle tärleriň biri hem çagalary milli oýunlaryň üsti bilen terbiýelemekdir. Olar çagalar üçin diňe bir güýmenje bolman, eýsem, terbiýe we ählumumy bilim bermek häsiýetine hem eýedirler.

Türkmen milli oýunlaryny mazmuny we häsiýeti boýunça birnäçe toparlara bölmek bolar. Olaryň birnäçesi ýaş nesli zähmete, durmuşa uýgunlaşdyrmaga gönükdirilen bolsa, birnäçesi durmuşda görýän we göz ýetirýän zatlarynyň wezipeleriniň ornuny ýerine ýetirýär. Çaganyň özbaşdak, erkin häsiýete eýe bolup başlamagy olaryň döredijilik ukybynyň ösmegine ýardam edýär. Oýundaky aýdylýan sanawaçlar, oýun aýdymlary çagalaryň gepleýiş ukybyny ösdürmäge, aýdym aýtmagy, sanamagy öwretmäge gönükdirilipdir we bu häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmän gelýär. Türkmen milli oýunlarynyň aglabasy hereketli oýunlardan ybarat bolup, ähli döwürlerde-de çagalara we ýetginjeklere beden terbiýesini bermekde uly hyzmaty ýerine ýetiripdir. Şonuň üçin hem, çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, milli oýunlaryň dürli görnüşlerinden peýdalanylypdyr.

Gülnäzik BÄŞIMOWA,
Türkmenbaşy şäheriniň bedenterbiýe we sport bölüminiň 3-nji sport mekdebiniň usulyýetçisi.