Milli mirasyň belent sarpasy

25 Ýanwar 2023
498

«Türkmen halky beýik sungaty, nusgawy kadalary we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Biz medeniýet ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek, baýlaşdyrmak, Ýer ýüzünde wagyz etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilip, olar gymmatly mirasymyza goýulýan sarpanyň bimöçberdiginiň güwäsi bolup dabaralanýar. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan halkymyzyň baý mirasyny öwrenmek, wagyz etmek, aýawly saklamak hem-de nesillere ýetirmek, ilkinjileriň hatarynda, biziň — muzeý işgärleriniň wezipesi bolup durýar. Bu wezipä hötde gelmekde Arkadagly Serdarymyzyň ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýändigini nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Döredilen şert-mümkinçiliklerden peýdalanyp, halkyň arasyndan milli mirasymyza degişli maglumatlary, eksponatlary ýygnamak, muzeý gymmatlyklaryny has-da artdyrmak boýunça işleri giň gerimde alyp barýarys.

Bagtyýar ýaşlarymyzyň milli mirasymyza söýgi-sarpasynyň çäksizdigi hem aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň gyşky dynç alyş möwsüminde muzeýimize mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda yzygiderli guralan gezelençleriň barşynda hem muňa aýdyň göz ýetirdik. Taryhy eksponatlar we beýleki gymmatlyklar bilen ýakyndan tanşan okuwçylaryň olara bolan buýsanjy bizi örän guwandyrdy.

Maksat IŞANTAÝEW,
Gyzylarbat şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.