Naýbaşy gözellik

25 Ýanwar 2023
820

Güneşli Diýarymyzda milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, olaryň gadymy nusgalaryny geljekki nesillere ýetirmekde muzeýleriň hyzmaty uludyr. «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň Daşmetjit halk hünärleri muzeýinde-de bu işlere aýratyn üns berilýär. Bu ýerde ýörite keşdeçilik senedine bagyşlanan otag bolup, onda bu senet barada maglumatlar, nagyşlaryň dürli görnüşleri, keşde bilen bezelen milli lybaslarymyz ýerleşdirildi. Milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän bu medeni ojakda gadymy keşde nagyşlary bilen bejerilen kürte, tahýa, çyrpy, çagalaryň tahýalary, alatowdan taýýarlanan zenan köýnegi, don ýaly milli egin-eşikleriň, gapjyk, at we düýe bezegleri ýaly esbaplaryň dürli görnüşleri bardyr.

Häzirki wagtda inçe el senedimiz bolan keşdeçilik öz gymmatyny ýitirmän, eýsem öňküden-de has kämilleşdirildi. Gelin-gyzlarymyzyň toýdur baýramlara geýýän egin-eşikleri, ýantorbalary keşde bilen bezelip, häzirki döwürde bu senediň gadymy nusgalary täze röwüşde dikeldilýär.

Gurbantäç REJEPOWA,
«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni.