Milli aýdym-sazlarymyzyň täzeçe öwüşgini

25 Ýanwar 2023
669

Welaýatymyzda ir döwürlerden bäri halypa-şägirtlik gatnaşyklary esasynda bagşyçylygyň ärsary ýoly dowam edip gelýär. Bu ýol türkmen halkymyzyň bagşyçylyk sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolmak bilen, öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan ahal, salyr-saryk, ýomut-gökleň, damana, çowdur ýollaryndan tapawutlanyp, Lebap boýlarynda ýaşaýan ähli kowumlaryň gylyk-häsiýetlerini, şiwe äheňlerini özüne siňdirip, süýjy owaz, bokurdak jukguldylary we hüwwüldileri bilen ýerine ýetirilip aýdylýan aýdymlar toplumydyr. Ol aýdymlary Amyderýa jülgesinde ýaşap geçen şahyr hem bagşy Mahmyt Gaýyby, Pudak bagşy, Magrup Saltyk, Aýal bagşy, Myrat şahyr, Seýit bagşy, Ärsary bagşy, Durdy bagşy, Kyrkar bagşy, Nazar bagşy, Haky bagşy, Goç bagşy, Bazar bagşy, Mämmetmyrat bagşy ýaly halypalar ussatlyk bilen ýerine ýetiripdirler. Olaryň bu jadyly sungata berlen beýik söýgüsi baradaky gürrüňler bolsa häli-häzirler hem ilat arasynda ýaşaýar.

Bagşyçylygyň beýleki ýollarynda bolşy ýaly, ärsary ýolunda hem Babagammar dutaryň, Aşyk Aýdyň sazyň piri hasap edilipdir. Şol bir wagtda bolsa Lebap boýlarynyň bagşy-sazandalary Myrat bagşy atany bagşyçylygyň, Gorkut atany dessançylygyň piri diýip hasap edipdirler.

Mährem JUMAÝEW,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.