Mähirden dörän hüwdüler

25 Ýanwar 2023
827

Dünýäde şeýle bir aýdym bar. Ol ýaňlananda, älem-jahan bir pursat ümsümlige gaplanyp, uçup barýan guş-gumrularam pessaýlapdyr diýýärler. Ene hüwdüsi. Dünýäde bu aýdymy eşitmedik ynsan ýok bolsa gerek. Haýsy dilde, nähili aýdylandygyna seretmezden, ol ýaňlananda, sallançakda ýatan çagajygyň kalby, özi bilmezden, guwanja gaplanarmyş. Enäniň kalbyndaky mähir-muhabbet bulagy möwjäp, joşup, çäksiz derýa aýlanarmyş. Belki-de, adam häsiýetiniň kemala gelmeginde, onuň ruhy dünýäsiniň sazlaşmagynda ene-mamalarymyzyň hüwdüsiniň ähmiýeti bolandyr?!

Hüwdi... Ol haýsydyr bir öýde ýuwaşja ýaňlananda, kimdir biriniň ýüregine çog salyp, şahyr edip goýberendir. Hüwdini bu dünýäde ilki aýdan kimkä?! Bogun sany kem bolsa-da, hüwdüler jedelsiz rubagy. Rubagyny Omar Haýýam döreden däldir. Ol Omar Haýýamdan öňem bar ekeni. Ondan öň ýaşap geçen Abulkasym Rudaky-da, Baba Tahyr-da rubagy ýazypdyrlar. Ajaýyp şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň «Rubagy» atly poemasy ýadyma düşýär. Şahyr:

Böri GURDOW,
žurnalist.