Hytaý gözelligi

25 Ýanwar 2023
1008

Sipao ilki manjur zenanlary tarapyndan geýlen adaty milli hytaý lybasydyr. 1920-nji ýylda sipao Şanhaýdaky modalar öýi tarapyndan has döwrebap görnüşe getirilýär. Bu lybas şu günki günlerimizde-de kämilleşmegini dowam etdirýär.

Sipaonyň milli aýratynlygy onuň ýüpek matadan tikilip, ýakasynyň gysby hem galyň matadan edilen ilikler bilen bezelmegindedir. Bu milli lybas uzak taryhy ýolunda juda köp üýtgeşmelere sezewar bolupdyr. Haýsy döwürde, nähili döredilendigi barada belli bir maglumat saklanyp galmadyk hem bolsa, häzirki döwürde onuň döreýşi barada birnäçe pikirler aýdylýar.

Terjime eden Züleýha GULOWA,
«Zenan kalby».