Ellik örmegiň düzgünleri

25 Ýanwar 2023
1001

Elbetde, jorap örüp bilýänler ellik hem örerler. Ýöne onuň üçin, ilki näçe barmakly ellik örjegiňi belli etmeli. Eger bir barmakly ellik örjek bolsaň, onda dürli ýüpden nagyşly ýa-da bir ýüpde elligi hem jorap başlaýşyň ýaly başlap, her aýlawda her çişde bir halka köpeldip, dört barmagyň sygandan soň, halka köpeltmän, göni başam barmaga çenli örübermeli. Onsoň başam barmak üçin 12 halkadan ýüplük geçirip, ýüplügi gyrada berkitmeli. Soň ýüplügiň aşagyndan çişi geçirip, täze 12 halka almaly. Täze alan halkalaryňy örüme goşup örübermeli. Goşaryň başlan ýerinden bir ýüpde 2 halkany düzüw, 2 halkany ters örüp başlamaly. Şu görnüşde 12 — 14 sm örüp, elligiň agzyny hem jorabyň agzy ýaly görnüşde owadanlap soňlamaly. Şu hili örümde elligiň goşary ýapýan ýeri rezin ýaly süýnüp ýygnanyp, goşary gowy ýyladar.

Taýýarlan Ogulbaýram KULYÝEWA,
mirasgär.