Änew medeniýetleriň gözbaşynda

5 Ýanwar 2023
479

(Başlangyjy gazetimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky sanynda)

Hakykatdan-da, Änew baradaky taryhy maglumatlary okanyňda kalbyňy buýsanç duýgusy gaplaýar. Geliň, R.Pampelliniň ýazgylaryna üns bereliň: «Biziň eýýamymyza çenli IX asyrda Salmanasar II çenli Wawilonda we Assiriýada bir örküçli düýe barada ujypsyzja ýatlamalar düýeleriň günortada — Änewde dörändigi baradaky çaklamalary berkidýär. Granitiň esasy tebigy çeşmesiniň Hindiguş daglarynda ýerleşýändigi sebäpli, şolaryň Änewde duş gelmegi medeni gatnaşyklarynda özleriniň Änewdäki ata-babalary bilen çalymdaş bolan adamlaryň Günbatar ugrunda gündogar Eýrana ýa-da Baktriýa göçüp gelendiklerini görkezýär, munuň özi, hususan-da, biziň barlaglarymyzyň meselesi bolup durýar». Indi şu ýerde iki zada ser salasymyz gelýär. Olaryň biri, taryhy maglumatlarda ata-babalarymyzyň Babylda döwlet gurandygy baradaky beýan etmeler, beýlekisi bolsa Gomeriň «Iliada» eserindäki Girkaniýanyň ýakasynda ýaşaýan ilatyň göçüp barmagy, olaryň däp-dessurynda her hepdäniň dördünji güni tagamly naharlar bişirip, öten-geçenleri ýatlaýandygy, derman otlardan melhem taýýarlap içýändikleri, käbir otlary ýakyp tüsseledýändikleri baradaky maglumatlar ýadyňa düşýär. Şu ýerde Girkaniýanyň hem niredigini ýatlamak gerek. Ýagny, Hazar deňzi kemala geleli bäri müňýyllyklaryň dowamynda ol ýetmiş sany ada eýe bolup, deňziň ady we kenarýakasy dürlüçe atlandyrylypdyr, şolaryň biri hem Girkaniýadyr.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.