Toý däp-dessurlary

4 Ýanwar 2023
614

ÝAGLYK DAŇDY

Türkmen toýlarynda halkymyzyň durmuşyna mahsus däp-dessurlar berjaý edilýär. Il-ulsy döwletli ojaga jem eýleýän, dabaralara beslenýän toýlaryň iň naýbaşylarynyň biri durmuş toýlarydyr. Durmuş toýlary halkymyzyň aň-düşünjesine ynsan ýaşaýşyny dowamata atarýan, ýürekdäki arzuwlary wysalyna ýetirýän mukaddeslik hökmünde ornandyr. Durmuş toýlarynda ata-baba dowamat-dowam bolup gelýän däp-dessurlar, adatlar berjaý edilýär, şonuň bilen birlikde, täzeleri bilen hem baýlaşdyrylýar. Durmuş toýunyň birki gün öňünden durmuşa çykýan gyza ýaglyk daňmak hökmany berjaý edilýän adatlaryň biridir. Bu adat «ýaglyk daňdy» diýlip atlandyrylýar. «Ýaglyk daňdy» üçin ýigit tarapdan gyz-gelinler jemlenip, gyz çykýan ýere, gudalara barýarlar. Olar gadyrly garşylanyp, ýörite taýýarlanan toý tagamlary bilen hezzetlenilýär. Soňra ýigidiň uýalary, gelnejeleri, garyndaşlary gelin boljak gyza ýaglyk daňýarlar. Durmuşa çykýan gyza daňmak üçin ýörite saýlanyp alnan ýaglyk gowşurylýar. Ony gyzyň ýakyn joralarynyň biri kabul edýär, ýaglyk gowşurana toý sowgady berilýär.