«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022
Biziň halkymyzyň dünýä bagyş eden ençeme beýleki milli gymmatlygy ýaly gelip çykyşy örän gadymy bolan türkmen alabaýyna hem uly üns berilýär. Alabaýyň ilki bilen irimçik, göze gelüwli, nazarkerde sypaty turuwbaşdan it söýüjileriň ünsüni özüne çekýär. Boýlary ýerden gerşine çenli 95 sm-e, agramy 100 kg-a ýetýär. Erkekleri 150 kg-a ýetip bilýär (aslyny alabaýdan alyp gaýdýan meşhur kangal köpekleriniň ortaça boýy 86 sm-den, agramy 66 kg-dan geçmeýär). Şu wagta çenli hasaba alnan iň uly alabaý 178 kg agyrlykdadyr. Art aýaklaryna galan alabaýlaryň boýy 2 metre ýetip bilýär.