Hormatly ýolagçylar!

28 Dekabr 2022
627

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigi Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň hiliniň has-da ýokary we medeniýetli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, Daşoguz şäherinde jemgyýetçilik awtobuslarynyň we ýeňil taksileriň 2022-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 06:30-dan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 02:00-a çenli hyzmat etjekdigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 6-62-87, 6-07-04; (+993) 64-35-55-00.