Üns beriň!

30 Noýabr 2022
708

Döredijilik duşuşygy geçirilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşleri, amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleri, ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynda şanly wakalara beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, şeýle hem baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde döredijilik duşuşygyny guraýar. Duşuşyk şu ýylyň 5-nji dekabrynda sagat 10:00-da welaýat kitaphanasynda geçiriler. Döredijilik duşuşygyna isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp bilerler