Gadyrly okyjylar!

29 Noýabr 2022
638

2023-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Bereketli toprak» gazetine elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini size habar berýäris. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron neşirine 2023-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygyna «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda we onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys.

«Bereketli toprak» gazetiniň elektron neşirine abuna ýazylmak arkaly, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini, has dogrusy, ýene-de birnäçe neşiri okap bolýar. Şeýle-de, şol neşirleriň ählisini «PDF» nusgasynda ýükläp alyp bilersiňiz.