«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024
Däbe öwrülen ajaýyp sazlaşyga laýyklykda bu ýyl hem daş-töweregimizi goýazy paýhasyň, kämilligiň, sahawatyň altynsow keşbine büreýän eşretli güýz paslynyň ilkinji aýynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi bilen mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň goşa toýa öwrülip utgaşykly gelmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn bitewülik manysyna eýe boldy. Çünki akyldar şahyrymyzyň «Hor galmasyn puştdan-puşdum, // Berkarar döwlet istärin» diýen naýbaşy arzuwynyň wysaly şu iki sany şanly wakanyň sazlaşygynda has aýdyň-parlak şöhlelenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz — halkymyzyň azatlyk, erkinlik, özbaşdaklyk barada köp asyrlardan soň amala aşan köňül küýsegi. Halk Maslahaty — bu biziň milli döwletliligimiziň halk wekilçiligine, raýat hak-hukuklaryna we azatlyklaryna, köpçüligiň erk-eradasyna, adalata we agzybirligine daýanýandygynyň nyşany, Pyragy atamyzyň aýdyşy ýaly, «Ýurt binamyzyň gaýymlygynyň» alamaty. Mahlasy, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryndan gözbaş alýan döwlet syýasatymyz — Magtymguly Pyragynyň köp garaşan ajap eýýamynyň bize nesip bolan wysalydyr.