«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024
Altyn güýzüň ilkinji aýynda watandaşlarymyz buýsançly wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolýarlar. Aýratyn hem, şu günler halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny uly şatlyk we beýik zähmet ýeňişleri bilen garşylamaga taýýarlyk görýär. Her ýyl milli senenamamyzda aýratyn orun alan bu baýramy mynasyp garşylamak ildeşlerimiziň kalbynda aýratyn ýakym, ýalkym döredýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde höküm sürýän baýramçylyk dabaralary, medeni-köpçülikleýin çäreler halkymyzyň bagtyýarlygynyň, agzybirliginiň nyşanyna öwrülýär.