Sanlyja günlerden ýurdumyzyň ähli künjeginde uly ruhubelentlik bilen toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna merjen şäherimiz Aşgabatda hem uludan taýýarlyk görülýär. Paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlygy aýdyň şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen rowaçlanýan ak mermerli paýtagtymyz döwrüň kämil binagärlik sungatyna öwrüldi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň ähli pudagynda okgunly ösüşler gazanyldy. Bu günki gün Türkmenistan halkara giňişliginde ykdysady we senagat taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan döwlet hökmünde tanalýar.