Milli buýsanjymyz

27 Awgust 2024
146

Türkmen halky mukaddes ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet baradaky arzuwyny durmuşa geçirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy. Özbaşdak döwletiň kemala gelmeginiň hem-de pugtalanmagynyň möhüm şerti bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Baş Kanunymyz esasynda ýurdumyzyň raýatlary giň hukuk şertleri we azatlyklar bilen üpjün edildi. Ýurtda döredijilikli zähmet çekmäge, mynasyp durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan düzümleýin özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen, dünýä bileleşigindäki orny has-da pugtalandy.

Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolundaky ýetilen sepgitleriň netijelerine taryhy nukdaýnazardan göz aýlap, durmuşyň ähli ugrunda uly ösüşleriň gazanylandygyna guwanýarsyň. Türkmen halky öz milli mirasyna, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesine sarpa goýmak bilen, agzybirlik bilen döredijilikli zähmet çekip, eziz Watany gül-gülzarlyga, täze üstünliklere beslemegi başarýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy has-da kuwwatlandyrmaga, il-günüň bagtyýar durmuşyny kepillendirmek boýunça täze maksatnamalara badalga bermegi ýurduň uzak möhletleýin ösüşini nazarlaýar.

Ogulmaýa ANNAMAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.