Garaşsyzlygyň döredijilik gudraty

27 Awgust 2024
130

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan halkyň hatyrasyna ilerlemek we gülläp ösmek babatda batly gadam basyp, Garaşsyz, baky Bitarap döwlet hökmünde kemala geldi, kuwwatlandy, täze ösüşler bilen öňe ilerleýär. Taryh üçin köp bolmadyk döwrüň içinde gazanylan üstünlikler ähmiýeti boýunça asyrlara barabar boldy. Bu gün öz ägirt uly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak bilen, mähriban Diýarymyz dünýä giňişliginde okgunly ösýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly ösüş-özgerişlere eýe bolan ugurlaryň biri-de binagärlik-gurluşyk ulgamydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, ýüzlerçe önümçilik desgalary we durmuş-medeni maksatly binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ýagdaý ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän wajyp görkezijiler bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda türkmen binagärleriniň gatnaşmaklarynda gurlan ilkinji «akylly» şäherde ajaýyp binalar, täsin desgalar, gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary göreni haýrana goýýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär, köp gatly döwrebap binalar gurulýar, şäherleri täze ajaýyp künjekler bezeýär, iri ilatly ýerler peýda bolýar, uzak aralyklara, müňlerçe kilometre uzaýan awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. Welaýat merkezleriniň keşbi gözümiziň alnynda özgerýär. Sebitlerde durmuş maksatly desgalar, edara binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli ulanmaga berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, seýilgäh zolaklaryna niýetlenen düzümlere degişli bolan taslamalara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda esasy şertleriň biri bolan ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürýän pudaga döwletimiz tarapyndan goldaw berilýär. Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagyny, ýerli çig mallaryň binýadynda olaryň önümçiliginiň ösdürilmegini şertlendirdi. Bu bolsa önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär.

Ogulnabat SARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.