Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz

25 Awgust 2024
240

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ösüşlere beslenen ajaýyp eýýamy. Geçmişi şan-şöhratly, şu güni beýik işlere ulaşan halkymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bitiren ägirt uly işlerine buýsanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ummasyzdyr. Halkymyzy bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşadýan, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwerlige ýugrulan syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmeginiň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysady, syýasy, medeni, ylym-bilim ulgamlarynda uly ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyzlygymyzyň her bir şanly senesini agzybir halkymyz uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alýar. Bu günki gün eziz Diýarymyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat ugurly desgalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň sany yzygiderli artýar. Taryhy döwrüň içinde Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna ynamly goşuldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasat ugurlarynda ägirt uly ösüşler, öňegidişlikler gazanylýar. Eziz Diýarymyz şanly Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, halkara giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny amala aşyrmakda uly mümkinçiliklere eýe boldy. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz dünýä döwletleri bilen halkara diplomatik gatnaşyklary alyp barmak bilen, dost-doganlyk, özara ynanyşmak, parahatçylyk, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly ýörelgelerini kämilleşdirýär. Garaşsyzlyk — halkymyzyň buýsanjy, bagtyýarlygyň, döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň hem-de dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň berk binýadydyr.

Ahmet NEDIROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.