Ýokary depgin bilen

1 Awgust 2024
159

Türkmenabatdaky Zerger «Demirbetonönümleri» zawodynda gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan gurluşyk önümleri ýokary depginde öndürilýär.

Bu ýerde gurluşyk işleri üçin ähmiýetli bolan gurnama demirbeton önümleri, derýa çägesi, keramzit ýaly önümler öndürilip, gurluşyk meýdançalaryna yzygiderli ugradylýar. Kärhanada ýylyň başyndan bäri gurnama demirbeton önümleriniň 13 müň 148 kub metri taýýarlanylyp, meýilnama 105,4 göterim amal edildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.