Halk Maslahaty — halkyň erk-isleginiň aýdyň beýany

31 Iýul 2024
187

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her gününi ägirt uly üstünliklere besleýän agzybir hem merdana halkymyz özüniň iň naýbaşy baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede mynasyp garşylamak üçin şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görýär. Mukaddes baýramyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi şanly toýuň dabarasyny has-da artdyrar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Şeýlelikde, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň jemi jemleniler, öňde durýan täze wezipeler kesgitlenip, asylly başlangyçlary hem-de taryhy tutumlary özünde jemleýän il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».