Berkararlyk daragty

31 Iýul 2024
188

Geljegi barada aladalanýan millet, ilkinji nobatda, mynasyp nesli kemala getirmegiň maksady bilen ýaşaýar. Dowamatyny dowam eýlejek kämil ýaşlary terbiýelemek, ösdürmek, kemala getirmek höwesinde bolan türkmen halky öňem, häzirem şu ýol-ýörelgä eýerýär. Munuň şeýledigini häzirki günlerde has-da aýdyň duýup bolýar. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy bolan ýaşlaryň kämil terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby hemmelere nusgalyk mekdepdir. Kitapdaky: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýen jümleler ýaşlarymyz üçin durmuş ýolunda çelgi bolup, Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýet bolup ýetişmegiň ygtybarly nusgasyny salgy berýär.

Laçyn SAHATOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.