«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024
Süýt we süýt önümleri türkmen tagamlarynyň arasynda irki döwürlerden bäri möhüm orny eýeleýär, çünki süýdüň örän ýokumly maddalara baýdygy, onuň adam bedeni üçin peýdalydygy ir zamanlardan bäri mälim bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda süýdüň ähmiýeti dogrusynda şeýle diýilýär: «Öz ewolýusiýasynyň ähli döwürlerinde türkmenleriň durmuşynda süýt iňňän wajyp orny eýeläpdir. Şunuň netijesinde süýdi gaýtadan işlemegiň täsin tehnologiýasy döräpdir. Süýdüň özi hem içgi hökmünde ulanylypdyr, ondan köp görnüşli önümler, Günüň aşagynda guradylan gurtlar taýýarlanylypdyr».