Geçen hepdäniň şenbe güni paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan duşuşygy irden paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirildi. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy salamlaşyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baýdagynyň öňünde surata düşdüler. Soňra hormatly Prezidentimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.