Mu­kad­des top­rak­da haj zy­ýa­ra­ty

11 Iýul 2024
212

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowyň ta­gal­la­la­ry esa­syn­da ýur­du­my­zyň zy­ýa­rat­çy­lar to­pa­ry haj par­zy­ny ber­jaý et­mek mak­sa­dy bi­len, Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da bol­du­lar. 9-njy iýul­da bu to­pa­ryň ga­lan bö­le­gi Wa­ta­ny­my­za gaý­dyp gel­di. Mu­sul­man­la­ryň esa­sy baý­ram­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Gur­ban baý­ra­my­nyň mü­bä­rek gün­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň bäş we­la­ýa­ty­nyň we paý­tag­ty­my­zyň we­kil­le­ri dün­ýä­niň mil­lion­lar­ça zy­ýa­rat­çy­la­ry bi­len bi­le­lik­de mu­kad­des Käbä tag­zym et­mek we beý­le­ki däp-des­sur­la­ry ber­jaý et­mek üçin Mek­ge­de hem-de Me­di­ne­de bol­du­lar.

Türk­men zy­ýa­rat­çy­la­ry ýö­ri­te uçar­da Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di­ler. Soň­ra bol­sa döw­re­bap aw­to­bus­lar­da «Pa­ra­hat — 7» ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da ýer­leş­ýän Hez­re­ti Omar met­ji­di­ne bar­dy­lar. Met­ji­diň ýa­nyn­da il­deş­le­ri­mi­zi do­gan-ga­ryn­daş­la­ry, dost-ýar­la­ry gar­şy­la­dy­lar. Olar ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ber­ka­rar bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýän Arkadagly ha­jy Ser­da­ry­my­za we ha­jy Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.