«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri Watanymyzyň we halkymyzyň öňündäki mukaddes borjuny mynasyp ýerine ýetirmek bilen, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly däplerini dowam etdirýärler. Türkmen halkynyň taryhy Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň çäksiz edermenlikleriniň hem-de gaýduwsyzlyklarynyň mysallaryna baýdyr. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Mugallym we esger, öz topragynyň watançysy bolmak bilen, ol Beýik Watançylyk urşunda gaýduwsyz söweşdi. Gahryman Arkadagymyzyň atasy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ýokary nusgalyk göreldesi bütin halkymyz üçin edep-terbiýäniň, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň mekdebidir. Berdimuhamet aganyň Watany goramakda, ýaşlara bilim bermekde bitiren işleri, maşgala, perzent terbiýesi babatynda kämil ýörelgesi, ýokary adamkärçiligi kalbymyzda ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, watançylyk duýgularyny ösdürýär.