«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Halkymyzyň umumymilli şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragy külli ynsan kowmunyň ruhy genji-hazynasynyň baýlaşmagyna, aňyýetiniň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşan şahyrdyr. Dünýäniň halklary türkmenleriň iň gowy häsiýetleri, baý adamkärçilik sypatlary bilen Magtymguly Pyragynyň şygyrlary arkaly has ýakyndan tanşyp bilýärler. Mundan başga-da, olar beýik akyldaryň eserlerinden daşymyzy gurşap alan tebigat hem jemgyýet bilen nähili sazlaşykda ýaşamalydygyny görüp bilýärler. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmeniň halk hakydasynyň üznüksizliginiň, dowamat-dowamlylygynyň üpjün edilmegine ýardam edipdir.