«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Gahryman Arkadagymyz özüniň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Söz sungatynyň zergäri hasaplanýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik duýulýar. Alym Arkadagymyz Magtymguly atamyzyň döredijiligine ýokary baha berýär. Dürdäne pikir-paýhaslary il-güne bagyşlan dana şahyr halkymyzda şygyr bossanynyň bilbili saýylypdyr. Çünki akyldar Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly şygyrlaryny okan we diňlän adamlaryň kalbyna siňýär we ýüreginiň töründen orun alyp, ruhy lezzet paýlaýar.