Arkadag şäheri — täze eýýamyň gudraty

29 Iýun 2024
220

Türkmen taryhynda ilkinji gezek «akylly» şäher guruldy. Ol Merkezi Aziýada durmuş infrastrukturasy elektronlaşdyrylan ýeke-täk şäherdir. Bu başlangyç Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Ýaşaýyş jaýlaryny, dolandyryş, bilim, medeni we saglygy goraýyş edaralaryny, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri — dürli maksatly desgalaryň we binalaryň 336-syny özünde jemleýän innowasion şähergurluşyk taslamasynyň birinji tapgyry bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtyň içinde amala aşyryldy. Täze şäherde «Arkadag» teleýaýlymy, «Arkadag» gazeti hem-de «Arkadag» futbol topary hereket edýär.

Aşgabatdan 30 kilometr günorta-günbatar uzaklykda, Köpetdag bilen Garagum sährasynyň arasynda — ajaýyp dag eteginde gurlan Arkadag şäheri geçen ýylyň 29-njy iýunynda açyldy. Onuň açylyş dabarasyna daşary ýurtly myhmanlaryň 300-den gowragy gatnaşdy. Täze şäher halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp boldy. Munuň özi şäheriň gurluşygynda ýaşaýjylar üçin iň amatly, rahat we howpsuz şertleri üpjün etmäge gönükdirilen öňdebaryjy innowasion çözgütleriň we «ýaşyl» tehnologiýalaryň aňrybaş derejede peýdalanylandygyndan habar berýär.

«TÜRKMENISTAN»