Galkynyşly döwrüň buýsanjy

29 Maý 2024
408

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler belent maksatlary nazarlap, döwletimiziň mundan beýläk-de batly gadamlar bilen ösmegine badalga berýär. Halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň amala aşyrylmagy, jemgyýetimiziň durmuşyny täze belentliklere göterjek möhüm çözgütleriň kabul edilmegi netijesinde, ata Watanymyzyň her gününiň ösüşlere beslenýändiginiň şaýady bolýarys. Bu özgertmelerdir uly işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar.

Ajaýyp döwrümizde halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda amala aşyrylýan işleriň hemmesi — ösüp-özgerýän oba-şäherlerimiz, ykdysady üstünliklerimiz, ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýe bolan at-abraýy, uly gurluşyklar, täze ýollar halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, agzybirliginiň miweleridir. «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň alkyşy egsilmezdir.

Didar Nuryýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.