Bagtly çagalygyň mekany

29 Maý 2024
400

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi, saglyklaryny berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmagy bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bagtly çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, howandarlyga mätäç çagalara yzygiderli üns berilýär. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda şeýle gatnaşyklaryň anyk ugurlaryny döredipdir we ony nesilden-nesle geçirip gelýär. Häzirki döwürde bu ýörelgeler hukuk kepilliklerinden, hossarsyz galan çagalaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmekden ybarat ugurlarda öz beýanyny tapýar. Şeýle-de ýörite durmuş goldawyna mätäç çagalary durmuşa ugrukdyrmak, olary özbaşdak ýaşaýşa taýýarlamak boýunça hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini ýokarlandyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda hem giň gerimli işler dowam etdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli operasiýalaryň geçirilmegi ýurdumyzda adam saglygy barada edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Sähragül Nazarowa,
Türkmenbaşy şäher raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, 3-nji derejeli ýurist.