Dost-doganlyk düşlegi

29 Maý 2024
385

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Döwlet baýdagynyň baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy diňe bir ruhy-ahlak, medeni ýörelgelerimiziň dabaralanmasy bolman, eýsem, halkymyzyň gadymyýetden gelýän dost-doganlyk, beýleki halklaryň milli ýörelgelerine, döredijilik dünýäsine goýýan belent sarpasynyň ýüze çykmasy boldy. Äleme ýaň salan bu dabara döredijiligi ynsanperwerlik, parahatçylyk, doganlyk-dostluk, ýokary ahlaklylyk, watansöýüjilik ýaly tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan gymmatlyklary özünde jemleýän beýik Pyragynyň toýy bilen birlikde doganlyk halklaryň hem baýramçylygyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda doganlyk halklaryň hem meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy paýhasdar pederlerimizden gelýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň özenine öwrülendigini dünýä jar etdi. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň ähmiýetine ünsi çekip, bu ýerde daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň hem heýkelleriniň oturdylandygyny, munuň bolsa, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydygyny belläp geçdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu medeni-seýilgäh toplumynyň ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi. Dünýä belli nusgawy şahyrlara, akyldarlara belent sarpanyň ajaýyp nyşany bolan bu seýilgäh Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ýörelgesiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan aýdyň amala aşmasydyr.

Parahat NAZAROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.