Ylhamly ýaşlaryň bäsleşigi

29 Maý 2024
377

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny we türkmen halkynyň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, bagtyýar ýaşlaryň kalbynda söz ussadynyň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize bolan söýgini artdyrmak, ýaş zehinli şahyrlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Ylhamly ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly döredijilik bäsleşigi ýokary ruhubelentlige beslenip geçirildi.

Welaýat kitaphanasynda geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan welaýatymyzyň ýaş şahyrlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny we akyldar şahyry wasp edip ýazan goşgularyny labyzly okadylar, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijiliginde beýik şahyryň tutýan ornuny öz goşgularynyň üsti bilen beýan etdiler, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna nezire ýazdylar, şeýle-de çäkli wagtyň dowamynda halypalaryň biriniň ýazan goşgusyny dowam etdirdiler.

Gözel Saparmämmedowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.