Beýik söz ussady

29 Maý 2024
323

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragy beýik söz ussadydyr. Onuň agzybirlik, jebislik, özbaşdak döwletli bolmak, şeýle hem iň ajaýyp häsiýetleriň ynsany bezemelidigi hakyndaky şahyrana pikirlerden ybarat bolan şygyrlary asyrlar geçse-de, gymmatyny gaçyrman gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň sarpasy has-da belent tutulýar. Halkymyz Magtymguly Pyragynyň ündewlerine uýup, özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Bu gün biz Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanynda ýaşaýarys.

Röwşen Tyrrykow,
Gyzylarbat etrap, şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.