Nurana geljegiň gözbaşy

29 Maý 2024
471

Her ýyl ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň döwlet derejesinde bellenilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesidir.

Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş we «Ene mähri» merkezleriniň birnäçesi açylyp, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, sport toplumlary hereket edýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi, olaryň döwrebap bilim almaklary, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin amatly şertler döredildi, degişli kanunçylyk binýady taýýarlanyldy. Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýat merkezlerinde gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalar giň mümkinçilikleriň gurşawynda sazlaşykly dynç alýarlar. Şeýle-de ýurdumyz umumymilli we halkara möçberinde çagalar we ýetginjekler toparlarynyň gatnaşmaklarynda dürli derejedäki döredijilik bäsleşikleriniň we festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.